BIZE YAZYARLAR

Auditiň taryhy

Auditiň wezipesi kompaniýanyň maliýe-hojalyk işini we hasaba alnyşynyň dogrulygyny jikme-jik barlamakdan ybaratdyr. Auditorlyk işinin netijesi bilen, esasan, ykdysady taýdan däl-de, dolandyryjylaryň wyždansyzlyklary sebäpli maýalaryny ýitirmegiň yokary ähtimallygy bolan hususyýetçiler gyzyklanýarlar.
Auditiň taryhy watany ýa-da dörän ýeri Beýik Britaniýa (Angliýa). Ol
ýerde 1844-nji ýyldan başlap kärhanalaryň hereketi barada dürli kanunlar işlenilip hödürlenilip başlanyldy we paýdarlar görnüşinde döredilen kärhanalaryň ýolbaşçylaryny iň bolmanda ýylda bir gezek barlamaklyk we onuň üçin ýörite wekil çagyrmaklyk teklibi öňe sürülýär.
Angliýada hökmany auditorçylyk işi hakyndaky kanun 1862-nji ýylda döredilip her bir kärhana bir ýylyň dowamynda bir gezek hökmany suratda auditorlyk barlagyny geçirmäge borçlandyrylýar. Soňra bu kanun dünýä ýüzüniň beýleki döwletlerinde hem herekete girip başlady. Meselem, Fransiýada 1867-nji ýylda ABŞ-da 1937-nji ýylda başlanýar.
1932-nji ýylda Germaniýanyň Auditorlar Instituty (GAI) döredildi. Institut 1941- nji yyla çenli hereket edip ikinji jahan urşy tamamlanandan soň Dýusseldrofda Auditorlaryň täze instituty döredildi. Bu Institut dünýäde uly abraý gazandy we häzirki wagtda Umumygerman guramasyna öwrüldi.
Häzirki wagtda Bütindünýä Auditorlar Instituty hereket edip onuň düzümine 6000-den gowrak auditor we 1000 golaý Auditorlyk gurama girýär. Meyletinlik agzalygyň esasy şerti bolup durýar, emma hünärmenlik düzgünleriniň, şol sanda ahlakkadalarynyň berk berjaý edilmegi talap edilýär.
Aditorlyk işi Garaşsyz döwletleriň arkalaşygynda hem giňden ýaýbaňlanýar.
Olaryň ählisinde diýen ýaly Auditorlyk işi hakynda Kanun kabul edildi. Biziň ýurdumyzda-da Auditorlyk işi hakynda kanun 1996-njy ýylda kabul edildi, şeyle hem auditorlary synagdan geçirmek hem-de auditorlyk guramalara we telekeçi auditorlara ygtyýarnama bermeklik ýola goýuldy.
Häzirki wagtda dünýäde “Ernst end Young International LTD”, “KPMG”, “Deloitte Tohmatsu International”, “Kuperz end LybrandInternational”, “Price Waterhouse Coopers” ýaly transmilli auditorlyk şereketleri bar.

Astanowa Muhabbat
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby