Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, onda alnyp barylýan düýpli döwrebaplaşdyrmak işleri bilen tanyşdy. Tanyşlygyň dowamynda Milli Liderimize toplumyň ýapyk görnüşli athanasynda ornaşdyrylýan sanly ulgamyň mümkinçilikleri barada maglumat berildi.
Toplumdaky ýapyk görnüşli athanada howa çalşygy, atlary iýmlemek, suwa ýakmak ýaly işler sanly ulgam arkaly amala aşyrylar. Mundan başga-da, bu ýerde atlaryň saglyk ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmäge niýetlenen enjamlar oturdylar. Bu ulgam emeli aňyň mümkinçilikleri arkaly bedewleriň saglygyna degişli maglumatlary merkezleşdirip, olaryň ýagdaýyna gözegçiligi has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berer.
Toplumyň çägindäki ýapyk maneže ak çäge düşelip, onuň aşakdan çyglandyrylmagy hem göz öňünde tutulýar. Bu usul çägäniň dykyzlygyny üpjün edip, atlar üçin amatly şertleri döreder. Türkmen halkynyň Milli Lideri bedewleri saklamak, seýislemek we atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň häzirki zaman talaplaryna hem-de umumy ykrar edilen kadalara laýyk gelmelidigini belläp, bu ugurda degişli öwüt-ündewlerini berdi.
Atşynaslykda täze döwür: atlaryň saglygyna emeli aň gözegçilik eder
11
May

