BIZE YAZYARLAR

Atlar asyrlarboýy, “behişdi bedewlerine” buýsanýan türkmen halkynyň wepaly dosty

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerine eýerýän agzybir halkymyz bu gün parahat we abadan durmuşda ýaşaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde giň möçberli özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň işi dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi esasynda kämilleşdirilip, milli ykdysadyýetiň özboluşly häzirki zaman türkmen nusgasy kemala getirildi.
Biziň bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr, gymmatly baýlygydyr, beýik ösüşlerimiziň nyşanydyr. «At — myrat» diýlişi ýaly, täze ýyl bagtyýar halkymyzy maksat-myradyna ýetirer. Türkmen halky üçin 2026-njy ýyl aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýylda eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny baýram eder. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda hem-de özbaşdak ösüş ýolunda bedew at milletimiziň ynamdar we ygtybarly ýoldaşy hökmünde aýratyn orun tutýar.
2025-nji ýylyň ahyrky Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň halkymyz bilen bilelikde geljek ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny teklip edendiklerini aýdyp, bu teklibi goldamak bilen 2026-njy ýylyň şygaryny «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan edendigine üns çekildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa bedewiň jylawyny Arkadagly Gahryman Serdarymyz ynamly gollara alyp, Watanymyzy taryhy ösüşleriniň täze tapgyryna alyp barýar. Ýurdumyzyň asudalygy, rahatlygy we diňe öňe tarap hereket etmegi ahalteke bedewine mahsus alamatlar bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu bolsa dünýäniň häzirki çylşyrymly döwründe aýratyn möhümdir.
Mälim bolşy ýaly, halkymyz ençeme maddy gymmatlyklary döreden, umumadamzat medeni hazynasyna uly goşant goşan halkdyr. Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan ahalteke bedewleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da şöhratlandyrdy.
Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty belent derejelere göterilýär. Halkymyzyň arassa ganly behişdi bedewleri ajaýyp döwrümiziň gözelligine görk goşýan maddy hem ruhy baýlyk hasaplanýar. Ahalteke atlaryna «Asman atlary», «behişdi bedewler» diýlip mynasyp baha berilýär. Häzirki bagtyýar döwrümizde ahalteke bedewiniň buýsançly şekili Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde orun alandyr. Bedew atlarymyz milletimiziň buýsanjy bolup Ýer ýüzüne ýaň salýar. Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynda belleýşi ýaly, ahalteke bedewi, türkmen alabaýy diňe bir Türkmenistanyň milli baýlygy däl, eýsem, bütin dünýäniň medeni mirasy bolup durýar. Türkmen bedewi eziz Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine okgunlylygynyň, milli mirasyň dowamatlylygynyň ajaýyp beýanyna, türkmen halkynyň döredijilik zehininiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu günki gün ahalteke bedewi ýurdumyzyň üstünlikleriniň belent nyşany, ata-babalarymyzyň amala aşan arzuwynyň wysalydyr. «At – myrat» diýen paýhasly jümläni döreden halkymyz nurana arzuwlaryny, beýik maksatlaryny bedewler bilen baglanyşdyrypdyr. Gözelligiň we kämilligiň naýbaşy nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewi Türkmenistanyň täze taryhy eýýamdaky okgunly ösüşleriniň baş nyşanyna öwrüldi.
Täze ýylyň şygarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmeginiň 2026-njy ýylyň Gündogar senenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýyly bolup gelenligi bilen hem baglanyşyklydygyny aýratyn bellemeli. Şonuň üçinem 2026-njy ýylyň jemgyýetimiz, döwletimiz üçin belent sepgitleriň, uly taryhy ösüşleriň ýyly boljakdygyna ynanýan agzybir türkmen halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen mynasyp atlandyrylan bu ýyla Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygyna, eşretli durmuşyna gönükdirilen işleri amala aşyrmak, Watanymyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmak üçin uly jogapkärçilik duýgusy bilen gadam goýdy. Bu bolsa 2026-njy ýylda-da geçen ýylda hem bolşy ýaly, Watanymyzda ajaýyp üstünlikleriň gazanylyp, täze belent sepgitlere ýetiljekdiginiň buşlukçysydyr. Bu bolsa ýylyň şygaryndaky “bedew batly at-myradyň mekany” diýilmegi bilen hem örän sazlaşykly utgaşýar.
Aslynda halkymyz ahalteke bedewlerine belent sarpa goýýar. Atlar asyrlarboýy, «behişdi bedewlerine” buýsanýan türkmen halkynyň wepaly dosty, hemişelik hemrasy bolupdyr. Türkmenler ençeme asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewlerine mähirlerini siňdirip, baş öwredipdirler. Olaryň ajaýyp sypatlaryny saklap kämilleşdiripdirler.
Gahryman Arkadagymyzyň giň gerimli özgertmelerini mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň hemişe sag, belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak bolmagy, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk-de uly üstünliklere we rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin!

Arzuw ALLAKOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Garabekewül etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.