Atalaryň Gahrymançylyk ýoly – Nesilleriň nusgalyk mekdebi
Her ýyl 27-nji ýanwarynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň güni watansöýüjiligiň, mertligiň, gaýduwsyzlygyň mertebelenýän baýramy höküminde dabaralanýar. Şol sebäpden şu günler bu şanly sene mynasybetli Diýarymyzyň ähli ýerlerinde döwlet derejesinde guralýan dürli mowzukdaky baýramçylyk çäreleri özboluşly mazmuna eýe bolýar. Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk urşy muzeýinde hem Watan goragçylar güni mynasybetli “Atalaryň Gahrymançylyk ýoly – Nesilleriň nusgalyk mekdebi.” atly dabara geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti, Lebap welaýat we Çärjew etrap kazyýeti hem-de welaýat
çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Ata Watanymyza bolan bimöçber söýginiň ýüze çykmasyna öwrülen bu watançylyk çäresi dabara gatnaşyjylarda merdana pederleriň görkezen gahrymançylykly ýoly bilen tanyşdyrýan muzeý gymmatlyklaryny synlamaklary, şöhratly atalarymyzyň ata Watan ugrunda edermenlige ýugrulan nusgalyk ýollary halk, Watan, ene toprak ýaly mukaddesliklere tagzym etmek düşünjelerini has-da berkitdi. Bu ýerde welaýat çagalar kitaphanasy hem watançylyk mowzugyndaky eserleriň göçme sergisini gurnaldy.
Muzeýiň gymmatlyklarynyň pederlerimiziň şöhratly ýoly barada gürrüň berýän kitaplaryň sergisi bilen sazlaşmagy oňa gatnaşyjylarda aýratyn täsirler galdyrdy.
Atabeg HAMRAÝEW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň bölümçe müdiri