MEDENIÝET

Ata Watanyň rowaçlygy ruhubelentligiň çeşmesidir

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bu medeni ojagyň bilelikde gurnamaklarynda halkaraтBitaraplygymyzyň 30-ýyllyk toýy mynasybetli “Ata Watanyň rowaçlygyтruhubelentligiň çeşmesidir” atly maslahat geçirildi. Bitaraplyk ynsanperwerligiňтwe parahatçylygyň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, berkarar döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny beýgeldýän, bagtyýar halkymyzyň buýsanç-mertebesini belende göterýän gymmatlygymyzdyr. Hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly,
halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ýurt hökmünde güneşli Diýarymyzyň dünýä bileleşiginiň arasyndaky abraý-mertebesi barha belende galýandygy barada çykyşlar edildi. Gatnaşyjylar parahat, asuda, bagtyýar zamanada ýaşaýandygymyz üçin hormatly Prezidentimize ak ýüreklerinden alkyşlar aýdyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-günümiziň
bagtyýarlygynyň, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.