BIZE YAZYARLAR

Ata Watan, ene toprak mukaddesdir

Ata Watan we ene toprak düşünjeleri her bir ynsanyň kalbynda iň mukaddes duýgularyň biridir. Adam dünýä inen pursadyndan başlap, onuň ýaşaýan ýurt-topragy, ata-babalarynyň gadymy mekany onuň üçin diňe bir ýaşaýyş giňişligi däl, eýsem ruhy güýç, buýsanç we ynam çeşmesi bolýar. Watan söýgüsi jemgyýetiň ösüşiniň, halkyň agzybirliginiň we döwletimiziň kuwwatlanmagynyň mizemez binýadydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ugurlarda ösüşlere beslenmegi, ilatyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem ata Watanymyzyň mukaddesligini has-da artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň we abadançylygyň nusgasyna öwrülýär. Bu ösüşleriň her biri ene topragymyza bolan söýgimiziň has-da pugtalanmagyna itergi berýär.
Mugallym hökmünde ýaş nesilleriň kalbynda watançylyk terbiýesini ösdürmek meniň esasy borçlarymyň biridir. Okuwçylarymyz ýurdumyzyň taryhyny, milli gymmatlyklaryny, ata-babalarymyzyň gahrymançylyk ýoluny öwrenip, öz Watanyna bolan buýsanjyny artdyrýarlar. Mekdeplerde geçirilýän watançylyk çäreleri, baýramçylyk dabaralary ýaşlarda ene topraga bolan söýginiň mizemez bolmagyna ýardam edýär.
Ata Watana hyzmat etmek diňe bir harby borç bilen çäklenmän, bilim almakda, zähmet çekmekde, döredijilikde hem öz beýanyny tapýar. Her bir ýaş öz hünärini kämilleşdirip, jemgyýetimiziň ösüşine goşant goşsa, bu hem Watana bolan belent hormatyň nyşanydyr. Watanyň öňünde borçlydygymyzy unutmazdan, onuň abadançylygy üçin tutanýerli zähmet çekmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Hakykatdan hem, ata Watan we ene toprak mukaddesdir. Ony söýmek, goramak, ösdürmek we geljek nesillere has-da gülläp ösýän ýurt hökmünde tabşyrmak biziň baş maksadymyzdyr. Watanymyzyň parahatçylygy, halkymyzyň agzybirligi we döwletimiziň beýik ösüşleri baky dowam etsin!

Altyn KURBANOWA,
Farap etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň mugallymy.