- MILLI BAÝRAMÇYLYKLAR

Ata-babalarynyň ýadygärligine tagzym etdiler

9-njy maý güni ertir Türkmenabat şäheriniň «Bitaraplyk» seýilgähindäki baky oduň öňünde ter gül desselerini goýdular.

Şeýlelik bilen, 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlaryň ýagty ýadygärligine tagzym etdiler. Gül goýuşlyga uruş weteranlary, urşa gatnaşyjylaryň aýallary, uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken adamlar, welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, edaralaryň, kärhanalaryň wekilleri, harbylar, şäheriň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

10
09
08
07
05
06
04
03
02
01

Previous
Next

Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmenistanly esgerler beýleki halklaryň wekilleri bilen bilelikde dürli frontlarda söweşdiler we Ýeňşi ýakynlaşdyrmaga özleriniň saldamly goşantlaryny goşdular. Türkmenistandan baran esgerleriň 100 töweregine görkezen edermenlikleri üçin Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen at dakyldy, 20 töweregi adam Şöhrat ordeniniň ähli derejeleriniň eýeleri boldular. Tylda galanlar bolsa gije-gündiz elini gowşurman işlediler hem-de fronty azyk  we senagat önümleri bilen üpjün etdiler.

Her ýyl 9-njy maý güni baky oduň we näbelli esgeriň ýadygärliginiň ýanyna gelmek hem-de olaryň ýagty ýadygärligine tagzym etmek indi asylly däbe öwrüldi. Ýeňşiň 75 ýyllygynyň bellenilýän güni hem şeýle boldy.

Adaty günler bu ýere şäherlerden we etraplardan okuwçylar gelýärler. Ýaş çatynjalar bolsa nikadan geçen ilkinji güni baky oduň we näbelli esgeriň ýadygärliginiň öňünde ter gül desselerini goýýarlar we bir minut dymmak bilen, uruşda wepat bolanlaryň ýagty ýadygärligine tagzym edýärler.

Поделиться ссылкой: