BIZE YAZYARLAR

AT GANAT – AT MERTEBE

Magtymguly Pyragynyň paýhasa ýugrulan şygryýetinde bedew atlar diňe bir gözelligiň nyşany däl, eýsem halkyň ruhuny, erkinligini, mertligini we belent arzuwlaryny aňladýan mukaddeslikdir. Dana şahyryň setirlerinde bedew atlar merdana ýigidiň ýakyn dosty, syrdaşy, ýoldaşy hökmünde orta çykýar. Türkmen halky gadymdan bäri bedew ata aýratyn hormat goýupdyr.
At — ýol, at — ganat, at — mertebe. Magtymguly Pyragy hem bu pikiri goldap, bedewi öz şygryýetiniň baş merkezi edip goýýar. Onuň şygyrlarynda bedew atlar giň meýdanda erkana çapýar, ýel bilen bäsleşýär, Güneş bilen ýaryşýar. Bu hereketleriň ählisi halkyň azat ýaşamak islegini alamatlandyrýar. Şahyryň goşgularynda bedew atlaryň durky aýratyn täsirli suratlandyrylýar. Magtymguly atamyz bedewi diňe daşky gözelligi bilen däl, eýsem içki häsiýeti bilen hem beýgeldýär. Bedew atlar sabyrly, wepaly, gaýduwsyz we eýesine janyndan geçip gulluk edýän jandarlar hökmünde görkezilýär. Uzak ýollara düşen ýigit bedewine daýanýar, derdini hem, şatlygyny hem onuň bilen paýlaşýar. At bilen adamyň arasyndaky bu baglanyşyk şahyryň pikirinde hakyky dostlugyň nusgasydyr. Şonuň üçin hem bedew Magtymguly Pyragy üçin diňe bir ulag däl, eýsem ynamyň we wepanyň nyşanydyr. Bedew atlaryň tutýan orny Magtymguly Pyragynyň watansöýüjiligini hem açyp görkezýär. Ol bedewleri halkynyň mertebesi, ene topragyň gözelligi bilen deňeşdirýär. Açyk meýdanda erkana çapýan bedewler azat Watanyň keşbini ýada salýar. Şeýlelikde, bedew atyň üsti bilen şahyryň Watana bolan söýgüsi has-da güýçli duýulýar.
Magtymguly Pyragynyň şygryýetinde bedew atlaryň waspy diňe bir estetiki gözellik bilen çäklenmeýär. Ol çuňňur many-mazmuna eýe bolup, halkyň taryhyny, ruhuny, arzuwlaryny we geljege bolan umydyny özünde jemleýär. Bedew at Magtymguly Pyragynyň setirlerinde baky ýaşap, nesilden-nesle geçýän mukaddes mirasa öwrülýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde bedew atlaryň waspy aýratyn belent orun eýeleýär. At diňe bir ulag ýa-da hojalyk üçin zerur jandar däl, eýsem halkyň mertebesini, ýigidiň gaýratyny, Watanyň azat ruhuny aňladýan mukaddeslikdir.
Şahyryň setirlerinde bedew at bilen ýigit biri-birinden aýrylmaz bitewilige öwrülýär. Magtymguly Pyragy: “Çyn bedewler meýdanynda bellidir” diýip, bedew atyň hakyky gymmatynyň diňe giň meýdanlarda, hereketde, synagda aýan bolýandygyny nygtaýar. Hakyky bedew ýaryşda, ýol aşanda, kynçylykda tanalýar. Bu pikir bilen şahyr bedewiň diňe daşky gözelligi bilen däl, eýsem güýji, çydamlylygy, gaýduwsyzlygy bilen gymmatlydygyny görkezýär. Beýik şahyr ýigidiň mertebesini hem onuň bedewi bilen baglanyşdyrýar:
“Ýigitde bolmasa ýaragy, aty,
Soňy belli biliň ýokdur gaýraty”- bu setirlerde ýigit üçin ýarag bilen atyň deň derejede zerurdygy nygtalýar. Ýaragsyz we atsyz ýigit öz gaýratyny doly açyp görkezip bilmeýär. Şeýlelikde, at ýigidiň güýjüni, mertligini we ýolunyň açykdygyny alamatlandyrýan nyşan hökmünde görkezilýär. Magtymguly atamyz bedew at bilen goç ýigidiň baglanyşygyny has-da çuňlaşdyrýar: “At gazanan goç ýigidiň, Owal bedew aty gerek” diýip, beýik üstünliklere ýetmek isleýän ýigidiň ilki bilen hakyky bedew-ata eýe bolmalydygyny aýdýar. Bu ýerde bedew diňe bir serişde däl, eýsem üstünliklere alyp barýan ynamdar ýoldaşydyr.
Şahyryň döredijiliginde bedew-atyň dili bilen aýdylan setirler aýratyn täsirli: “At aýdar: aslym zordur.
Munda gymmatym bardyr.
Üstüme münen ärdir.
Daglarda-daş üstünde” – bu setirlerde bedew at özüni buýsanç bilen tanadýar. Ol öz üstünde mert ýigidi göterýändigini, daglarda, çarkandakly ýollarda onuň bilen bile soňuna çenli gidýändigini aýdýar. Şeýlelikde Magtymguly Pyragy at bilen adamyň arasynda ruhy baglanyşygy açyp görkezýär. Umuman aýdanyňda, Magtymguly Pyragynyň şygryýetinde bedew atlaryň waspy diňe bir tebigy gözelligiň beýany däl. Ol halkyň ruhunyň, söýgüsiniň, mertliginiň we belent arzuwlarynyň çeper beýanydyr. Bedew at Magtymguly atamyzyň dürdäne setirlerinde baky ýaşaýan mukaddes keşp bolup, türkmen halkynyň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bölegine öwrülýär.

BARATOWA Zyýada,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň V ýyl talyby.