Asyrlaryň ýaňy ― türkmen halysy
Türkmen halylary gadym wagtlardan bäri üýtgeşik nepisligi, gözelligi bilen görenleri haýrana
goýup gelipdir. Gelin-gyzlaryň kalbyndaky iň gözel duýgulara beslenen halylaryň her biri
gaýtalanmajak sungat eseridir. Çeper elli gözelleriň uz barmaklaryndan çykan halylarda
olaryň Watanyna, halkyna bolan söýgüsini, taryhda beýik döwletler guran ata-babalaryň
şanly geçmişine bolan buýsanjyny görmek bolýar.
Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň
sanawyna girizilmegi il-ulsumyz üçin buýsançly waka bolup, kalbymyzy nurlandyrdy.
Gadymyýetden saklanyp galan nepis gymmatlyklary döreden halklar bütindünýä medeni
giňişliginde aýratyn hormata eýerip, olaryň ady döreden gymmatlyklary bilen deň tutulýar.
Şeýdip, aýratyn kämilligi döreden millet şol ýoluň başyny tutujy hem-de eýesi hökmünde
taryha girýär. Milli Liderimiziň «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» atly kitaplary
milletimiziň gadymy senedi, nepis sungaty bolan halyçylyk barada gürrüň berýän düýpli
ensiklopedik häsiýetlidir. Asyrlaryň jümmüşinden gelýän gaýtalanmajak gymmatlyk
hökmünde döredilen halylar gözelligiň hem nepisligiň nusgasydyr.
Türkmen halylaryny öwrenen rus alymy S.Dudin nepis milli sungatymyzyň bu ajaýyp
nusgalaryny jahanda iň gadymy haly eserleri bolup durýandygyny bellemek bilen, olaryň
meşhur pars halylaryndan has irki döwürde peýda bolandygyny belleýär. Şol bir wagtyň
özünde, alym türkmen we pars halylarynyň arasyndaky aratapawutlyklar barada sözüni
dowam etdirmek bilen, olaryň stilistikasyndaky, haly dokalýan enjamyň gurnalyşyndaky, haly
üçin peýdalanylýan ýüplükleriň görnüşinde we hilinde, hatda halyda dürli reňkleriň ýerbe-
ýer edilip peýdalanylyşynda-da düýpli aratapawudyň bardygyny ýüze çykarýar: «Türkmen
we pars haly önümleriniň stilindäki düýpli aratapawutlar, dokma stanogynyň gurluşyndaky
çynlakaý üýtgeşiklikler, dokma serişdeleriniň taýýarlanyş hem peýdalanyş tärleriniň
tapawutlanyşy we ulanylýan tehnikanyň kämillik derejesi türkmen halyçylyk senediniň
parslaryňky ýaly gadymydygyna, belki, parslaryňkydan hem has ir döwürde dörän
bolmagynyň mümkindigine şaýatlyk edýär, özem türkmen halyçylygynyň öz ýoly bilen
kämilleşendigini açyp görkezýär».
Häzirki döwürde çeper elli gözelleriň zehininden döreýän gadymy nusgalaryň täze
görnüşlerine, şeýle hem täze döredilen nagyşly halylara, dokalmasy örän inçeligi, nepisligi
talap edýän haly portretlere, pannolara, peýzažlara, dürli sowgatlyk önümlere, üýtgeşik haly
kompozisiýalaryna syn edeniňde, kalbyňy sungatyň beýikliginiň hem giňliginiň çäksizdigine
bolan nurly duýgular gaplap alýar. Halkyň kalbyna öwrülip galan haly önümleri milletiň
ajaýyp sungaty hökmünde aýratyn gymmata eýedir.
Merjen RÜSTEMOWA,
Çärjew etrap Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy.