“Türkmen kompozitorlarynyň döredýän eserleri üçin halkymyzyň baý aýdym-saz mirasy gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär.”
Gurbanguly Berdimuhamedow “Ile döwlet geler bolsa…”
Geçen asyryň 30-40-njy ýyllarynda türkmen topragynda professional kompozitorçylyk ugry ýola goýulyp başlan döwründe, türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň düýbüni tutujy halypa kompozitorlar bolan Daňatar Öwezow, Aşyr Kulyýew we Weli Muhatow dagylar öz döreden ululy-kiçili eserleriniň aglaba böleginde türkmen halk heňlerine ýüzlenipdirler. Türkmeniň halk aýdym-saz mirasy onuň geçmişi, onuň taryhy bolup, geçmişde öz Watanyna wepaly gerçek ýigitleri, edep-ekrama ýugrylan gyzlary terbiýeläp ýetişdirmekde halkyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolanyndan taryh şaýatlyk edýär. Şol sebäpli hem saz sungatynyň täze dörän görnüşine
halkyň asyrlar boýy diňlemegi endik edinen halk heňlerini girizmeklik, kompozitorda täze dörän saz sungatyny halk ýeňil kabul eder, halkyň aňynda tiz hem-de hemişelik orun tutar diýen umyt ähli zatlardan ýokarda duran ilkinji duýgulardandyr diýsek hakykatdan daş düşmesek gerek. Mähriban Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren “Ile döwlet geler bolsa…” atly her bir setiri pähim-paýhasa ýugrulan kitabynda : “Türkmen kompozitorlarynyň döredýän eserleri üçin halkymyzyň baý aýdym-saz mirasy gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär” diýip aýdyp geçmegi bolsa ýokarda aýdan sözlerimize giňden şaýatlyk edýär. Türkmeniň ata-babadan gelýän, halk tarapyndan döredilen halk heňleri diňe bir sahna eseriniň biri bolan opera sungatynda giň gerime eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem instrumental žanrlarda hem aýratyn orny eýeleýär. Türkmen halk heňlerini öz döreden instrumental eserinde ussatlyk bilen
ulanmagy başaran kompozitorlaryň biri hem Türkmenistanyň Halk artisti, Magtymguly
adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, professor Aşyr Kulyýewdir. Aşyr Kulyýewiň
döredijiligi dürli žanrdaky ýazylan eserleri öz içine alýar. Şol eserleriň arasynda bolsa “Skripka we orkestr üçin konserti” ýerine ýetirmesi uly ussatlygy talap edýän aýratyn eserlerden biridir. Ýeri gelende aýtsak, bu konsert türkmen kompozitorçylyk sungatynyň taryhynda bu žanrda, ýagny skripka saz guraly üçin ýazylan ilkinji eserdigini belläp geçmek zerurdyr. Kompozitor bu eserini 1962-nji ýylda, döredijiliginiň has hem gülläp ösen döwründe döredendigini bellemek bolýar. Konsert žanry hakynda okyjylarymyza gysgaça maglumatlary bermek bolsa, bu saz guralyny çalýan sazanda hökmünde öz üstüme düşýän borç hasaplaýaryn. Konsert – bu uly
göwrümli saz eseri bolup, islendik bir saz guralyna simfoniki orkestriň sazandarlyk etmegine aýdylýar. Nusgawy görnüşli konsertlere adatça 3 bölümlilik mahsusdyr.
Konsert žanrynyň beýleki žanrlardan ýene bir esasy aýratyn tapawutly tarapy, ol hem konsertiň bölümleriniň arasynda, adatça birinji bölümiň içinde solo saz guralynyň ýekelikde ýerine ýetirýän kadensiýasydyr. Kadensiýa – bu saz sungatynyň dilinde saz gurluşyny, ýa-da onuň bir bölümini tamamlaýan saz öwrümidir. Belli bir saz gurala niýetlenen konsertlerde bolsa kadensiýanyň üsti bilen sazanda öz hünärine ezberlik bilen erk edip bilýändigini subut edýär. Kompozitorlar kadensiýanyň üsti bilen sazandanyň çalyp duran saz guralyň iň bir çylşyrymly passažlaryny, saz guralynda ýerine ýetirip bolýan dürli mümkinçilikleri diňleýjilere açyp görkezmekligine mümkinçilik döredýär.
Kompozitor diýarymyzyň parahat durmuşynyň we gözel tebigatynyň waspyny ýetirmekligi saz gurallaryň arasynda liriki keşpleri suratlandyrmakda öňdebaryjy saz gurallaryň biri bolan skripka saz guralyna ynanýar. Konsertiň birinji bölümi beýleki formalardan özüniň çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan sonata formasynda ýazylyp, onuň hem baş temasynda kompozitor türkmen halk heňleriniň biri bolan “Näz eder” diýen halk heňine esaslanypdyr. Bu halk heňi Orta Aziýa döwletleriniň ählisinde diýen ýaly uly meşhurlyga eýe bolan tragiki dessanlarynyň biri “Leýli-Mežnun” dessanyndan Mežnunyň ýerine ýetirýän aýdymydygyny belläp geçmek zerurdyr. Ýeri gelende bagşyçylyk sungatynyň görnükli wekili bolan Mylly Täçmyradowyň, Uly Garly bagşynyň, şeýle hem wokal sungatynyň ussady Annaberdi Atdanowyň we başga-da birnäçe beýleki sungat ussatlarmyzyň ýerine ýetirýän eserleriniň arasynda bu halk heňine aýratyn orun goýandyklaryny belläp geçmeklik ýerlikli bolar. Konsertiň ikinji bölümi çylşyrymly üç bölümli formasynda ýazylyp, onuň hem ortaky bölüminde kompozitor ýene-de halk arasynda tanymal sazlaryň biri bolan “Daglar” atly halk heňini ussatlyk bilen ulanmaklygy başarypdyr. Türkmeniň milli saz gurallary bolan dutar we
gyjak saz gurallarynda ýerine ýetirilýän bu saz eseri simfoniki orkestriň dilinde örän ýerlikli ulanylypdyr. Kompozitoryň bu konsertde ulanan halk heňleriniň ýene birisi, ol hem eseriň final bölümi, ýagny iň soňky üçünji bölüminde ulanan “Sataşdym” atly halk heňidir. Bu halk heňi türkmeniň nusgawy şahyry bolan Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen halk aýdymlarynyň biri bolup, bagşyçylyk hünärini ezberlik bilen ele alan bagşylaryň aglaba böleginiň repertuarynda aýratyn ýerine ýetirilýän halk aýdymlardandyr.
Umuman, türkmeniň ýetmiş iki saz guralynyň asyrlaryň dowamynda dürli özgerişlikleri başdan geçirmegi hem durmuşyň, döwrüň kanunalaýyklygy. Şol kanunalaýyklyk netijesinde bu günki gün süýkelip çalynýan skripka saz guraly halkymyzyň durmuşyna ymykly ornaşypdyr. Ýöne bu ýerde gürrüň onuň näwagtlar, nähili ýollar arkaly dörändigi hakda däl-de, halkymyzyň saz sungatynyň asyrlaryň dowamynda kämillik ýoluny geçip gelendigi dogrusynda.
Halypa kompozitor Aşyr Kulyýewiň “Skripka we orkestr üçin döreden konsertini” diňlän ähli adamlar bu eseriň millilige ýugrulandygyna göz ýetirmekleri ikiuçsyzdyr. Kompozitoryň bu konserti döretmekde ýüzlenen ähli halk heňleriniň häsiýetini üýtgetmän, mümkin boldugyndan asyl nusgasyny girizmegi başarandygyny duýmak bolýar.
Bu günki gün toý-baýramlarymyzy ajaýyp saz gurallarymyzyň dürli görnüşleri bezeýär. Saz gurallarynyň dürli görnüşleri boýunça ýokary, ýörite orta mekdeplerde hünärmenler taýýarlanylýar.
Türkmeniň saz sungatyny dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, röwşen ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini talyp ýüregimden arzuw edýärin!
Ýazberdi JEPBAROW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň
“Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymy.
