Aşyk-magşuklara Pöwrize Gulamowadan sowgat garaşýar
Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna 14-nji fewralda gyzykly sungat sowgady garaşýar. Şol gün halkara derejeli seneleriň biri bolan Söýgüliler güni mynasybetli zehinli zenan aýdymçy Pöwrize Gulamowa Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda özüniň täze möwsüm üçin taýýarlan iň gowy aýdymlary bilen çykyş eder.
Şowhunly konsertiň dowamynda teatryň sahna ussatlary myhmanlar üçin gülküli sahnalary hem ýerine ýetirerler.
Islegleriň örän köpdügi göz öňünde tutulyp, konsert iki tapgyrda geçiriler. Onuň birinji tapgyry sagat 17:00-da, ikinji tapgyry bolsa 19:00-da başlanar.
Konsertiň giriş petekleriniň bahasy 10 manat. Petekleri teatryň kassasyndan satyn alyp bilersiňiz. Goşamaça maglumatlar 8422-6-01-10 we 862 32-02-88 belgili telefonlar arkaly berler.
Söýgüliler gününi romantika beslenen aýdymlaryň we gülkiniň gurşawynda geçirerin diýseňiz, biz size konsertde garaşýarys!