Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlary ýaly, Döwlet gümrük gullugynyň hem jogapkärçiligi we ähmiýeti has-da ýokarlanýar. Garaşsyz döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň giňelmegi bilen harytlaryň, ulag serişdeleriniň we ýolagçylaryň bökdençsiz hem-de kanunçylyk esasynda hereket etmegi gümrük işgärleriniň öňünde uly wezipeleri goýýar.
Döwlet gümrük gullugy ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhüm ulgamlarynyň biridir. Gümrük gözegçiligi arkaly bikanun getirilýän harytlaryň, gadagan edilen serişdeleriň öňi alynýar. Şeýle hem gullugyň işgärleri daşary ykdysady gatnaşyklarda açyklyk, ýagtylyk we kanunylyk ýörelgelerini üpjün etmekde uly iş alyp barýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde gümrük ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady giňden ösdürilýär. Elektron gümrük hyzmatlarynyň ornaşdyrylmagy, döwrebap barlag enjamlarynyň ulanylyşy işgärleriň işini ýeňilleşdirýär we dünýä tejribesine laýyk derejede çalt hem-de netijeli hyzmat etmäge mümkinçilik berýär.
Gümrük gullugynyň işgärleri diňe bir resmi hyzmat borçlaryny ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, jemgyýetde asudalygy, kanunylygy hem üpjün etmäge mynasyp goşant goşýarlar. Olar ýurdumyzyň halkara abraýyny berkitmekde, söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde we ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmekde döwletimiziň ynamdar daýanjy bolup çykyş edýärler.
Biz, gümrük işgärleri, döwletimiziň bize bildirýän ynamyny ýokary derejede aklamak üçin ýürekden wepaly zähmet çekýäris. Halkymyzyň parahat durmuşyny, ykdysady ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy geljekde hem işjeň wepaly hyzmat etmegini dowam etdirer.
Akmämmet DERÝAÝEW,
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.
