Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda adam hakynda alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan içeri we daşary syýasatyň özeninde halkymyzyň abadan, asuda we howpsuz durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek wezipesi durýar. Şol möhüm wezipeleriň hatarynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi hem aýratyn orun eýeleýär.
Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri hökmünde biz ýurdumyzyň ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, ýol hereketiniň düzgünleriniň berk berjaý edilmegini gazanmak we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak ugrunda yzygiderli zähmet çekýäris. Soňky ýyllarda ýurdumyzda gurlan giň hem döwrebap şaýollar, köprüler, ýol belgileriniň we yşyklandyryş ulgamlarynyň halkara talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirilmegi döwletimiziň ýol howpsuzlygyna berýän aýratyn ünsüniň aýdyň subutnamasydyr. Bu işler hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek diňe bir degişli gulluklaryň däl, eýsem her bir raýatyň raýatlyk borjudyr. Şunuň bilen baglylykda, biz ilat arasynda düşündiriş işlerini giň gerimde alyp barýarys, okuw mekdeplerinde we zähmet toparlarynda ýol hereketiniň düzgünleri boýunça wagyz-nesihat çärelerini geçirýäris. Çünki howpsuz ýol – sagdyn jemgyýetiň, abadan durmuşyň we döwletimiziň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir.
Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär, ýol-ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, işgärleriň hünär derejesi ýokarlandyrylýar. Biz hem döwletimiziň bize bildirýän ýokary ynamyna laýyklykda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda mundan beýläk-de yhlasly we jogapkärçilikli zähmet çekeris.
Asuda ýol – asuda durmuş. Döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde parahatçylyk, tertip-düzgün we howpsuzlyk höküm sürýär. Bu beýik üstünlikleriň hatarynda ýol howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler hem aýratyn orun eýeleýär. Biz döwletimiziň bu asylly ýoluna buýsanyp, halkymyzyň abadançylygy ugrunda hyzmat etmegi mukaddes borjumyz hasaplaýarys.
Döwran JUMAÝEW,
Türkmenabat şäher polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.

