YKDYSADYÝET

«Asuda akym» Özbegistandaky sergä gatnaşýar

Önümçilik işlerini Dänew etrabynda alyp barýan «Asuda akym» hojalyk jemgyýeti Özbegistanda geçirilen «Türkmenistanda öndürilen» atly türkmen harytlarynyň milli sergisine gatnaşýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew we Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýew gatnaşdylar. Myhmanlaryň arasynda söwda-senagat edaralarynyň wekilleri, telekeçiler, diplomatlar we žurnalistler hem bar.

Bu sergi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gazananlaryny we mümkinçiliklerini görkezýär. Sergide 13 sany döwlet edarasy we 60 sany türkmen kärhanasy öz önümleri bilen çykyş edýär.

«Asuda akymyň» öz önümçilik kärhanasyny şu ýylyň mart aýynda açandygyny ýatladýarys.