DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Astrofizikler Akmaýanyň Ýolunyň aýlanyş tizliginiň haýallandygy baradaky netijä geldiler

Londonyň Uniwersitet kollejiniň (UCL) we Oksford uniwersitetiniň astrofizikleriniň bilelikdäki topary Akmaýanyň Ýolunyň milliardlarça toparlanan ýyldyzlardan durýan zolagy dörän wagtyndan bäri aýlanmagyny dörtden bir esse haýalladypdyr diýen netijä geldiler, diýip «Российская газета» ýazýar.
Barlagyň netijeleri boýunça makala «Monthly Notices of the Royal Astronomical Society» žurnalynda, gysgaça hasabat bolsa «UCL» saýtynda çap edildi. Awtorlar açyşyň gara materiýanyň tebigaty barada täze düşünjeleri berýär diýip hasaplaýarlar. Olaryň pikiriçe, substansiýanyň Akmaýanyň Ýolunyň galaktiki zolagynyň aýlanmasyny haýalladýan garşylyklaýyn agram hökmünde hereket edýär.
Şeýle haýallanmanyň bardygyny astrofizikler mundan 30 ýyl öň aýdypdylar. Ýöne diňe biziň günlerimizde bu prosessi bellige almak başartdy. Astrofizikler birinji gezek bu haýýallamanyň tizligini ölçediler. Munuň üçin olar «Gaia» kosmiki teleskopynyň maglumatlaryny seljerdiler.
Barlag geçiren topar alnan maglumatlara daýanyp, şeýle netijä geldi: trillionlarça gün massasyna barabar milliardlarça ýyldyzlardan durýan zolak, dörän pursatyndan bäri özüniň aýlanyşynyň tizligini azyndan 24% haýalladypdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: