DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Asteroidleriň üstünde ilkinji gezek suw tapyldy

Halkara gözlegçiler topary SOFIA infragyzyl teleskopdan alnan maglumatlary ulanyp, Iris we Masaliýa asteroidlerinde suwuň bardygyny anykladylar.

Günüň daşyndan aýlanýan bir million töweregi asteroid bar we alymlar olardaky suwuň bugarmagy mümkin diýip hasaplaýardylar. Ýöne, täze gözleg bu teoriýa ters gelýär.

Irisiň diametri 199 kilometr. Ol Günüň daşyndan Mars bilen Ýupiteriň arasyndaky asteroid guşaklygynda ortaça 2.39 astronimik birlik aralykda aýlanýar we ol her 3,7 ýyldan bir gezek gaýtalanýar.

Masaliýanyň diametri 135 kilometre we Irisiň orbitasyna meňzeş bir orbitasy bar. Gün ulgamyndaky asteroidler düzümi we gurluşy boýunça birneme tapawutlanýar. Güne has ýakyn bolanlarda buz ýok, ondan uzakdakylarda bolsa buz bar.

Alymlar asteroidleri öwrenmek, planetalar we asteroidler emele gelmezden ozal Gün ulgamyndaky elementleriň düzümini we hereketlerini düşünmäge kömek eder diýip, umyt edýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: