Kerki etrabynyň 27 müňden gowrak ilaty bolan Astanababa şäherçesinde ilat arasyndaky agzybirligi pugtalandyrmakda we milli gymmatlyklary ýaş nesle geçirmekde ýaşulularyň orny uludyr. Şäherçäniň kethudasy Jumamyrat Hudaýberdiýew 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda il-günüň hyzmatynda bolup, aýratyn-da ýaşlaryň agramlyk teşkil edýän bu sebitinde jemgyýetçilik işlerini talaba laýyk gurap gelýär. Ol ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olary dogry ýola gönükdirmek we ýüze çykýan meseleleri adalatly çözmek bilen şäherçe halkynyň arasynda uly sylag-hormata eýe bolýar.
Jumamyrat aga şäherçäniň tämizliginden başlap, toý-sadakalaryň tertipli geçmegine, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegine çenli ähli işlere işjeň gatnaşýar. Kethudanyň ýolbaşçylygynda Jorageldi Jumanazarow, Rahymguly Kulyýew ýaly obadaşlary bilen bilelikde alnyp barylýan işler sebitde jebisligi saklamaga ýardam edýär. Ýaşuly nesliň wekili hökmünde Jumamyrat aga 2026-njy ýylyň — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň belent maksatlaryna laýyklykda, ýurdumyzda gazanylýan ösüşleri wagyz etmekde öz goşandyny goşmagy esasy wezipe hasaplaýar.
Astanababa şäherçesiniň kethudasy: Agzybirlik we terbiýe – baş maksadymyz
10
Jan
