JEMGYÝET

Aşpezleriň hünär bäsleşigi geçirildi

Çärjew etrabyndaky 7-nji çagalar bakja-bagynyň aşpezi Kamila Bäşimowa welaýat baş bilim müdirligi tarapyndan çagalar ýbakja-baglarynyň aşpezleriniň arasynda yglan edilen hünär bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

«Bereketli türkmen saçagy» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry Türkmenabat şäherindäki 64-nji çagalar bakja-bagynda geçirildi.

Bäsleşigiň şertlerine görä aşpezler çagalar baglarynda 10 günlük tagamnamanyň düzülişi we tagamlaryň taýýarlanylyşynyň dürli-dürlüligi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen saçagynyň bezelişini, milli tagamlaryň taryhyny rowaýatlaryň, goşgularyň üsti bilen beýan etdiler.

Bäsleşikde Türkmenabat şäherindäki 31-nji çagalar bakja-bagynyň aşpezi Jahan Möwlamowa ikinji, Köýtendag etrabyndaky 15-nji çagalar bakja-bagynyň aşpezi Aýgül Seýtiýewa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.