JEMGYÝET

Aşpez 1101 litr borş taýýarlady we Russiýanyň rekordlar Kitabyna girdi

Şeýle netije bilen kubanly meşhur aşpez Wladimir Zemlýanow ýurduň rekordlar Kitabyna girdi. Bu barada Krasnodar ülkesiniň administrasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär. «Russiýada iň uly Kuban borşuny» «Ataman» etnotoplumynda bişirdiler. Ilki başda şef aşpez gadymy resept boýunça däp bolan hem-de hemmelere elýeter tagamyň 700 litrini bişirmekçidi, ýöne netijede 1101 litrini taýýarlady. Tagamy taýýarlamak üçin 80 kilogram ýerli sogan, we käşir, 120 kilogram ýeralma, 100 kilogram ter kelem, 25 kilogram şugundyr, 50 kilogram tomat pastasy, 20 kilogram bolgar burçy we 5 kilogram gök gerek boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: