JEMGYÝET

«Asman Mebel» döwrebap önümçiligi alyp barýar

Türkmenabat şäherindäki mebel önümlerini öndürýän «Asman» hususy kärhanasynyň önümhanasy tamamlanyp barýan ýylda Türkiýede öndürilen täze önümçilik enjamlary bilen üpjün edildi. Bu barada welaýat neşiri habar berýär.
— Döwrebap önümçiligimiz 2015-nji ýyldan bäri halkymyza hyzmat edip gelýär.
Bu ýerde ilatyň ösen isleglerine laýyklykda mebel önümleriniň dürli görnüşi
taýýarlanylýar. Hil derejesi ýokary bolan önümlere hyrydarlaryň sany hem günsaýyn artýar. Tamamlanyp barýan ýylda ilatyň hem-de edara-kärhanalaryň sargytlary esasynda mebelleriň onlarça görnüşini öndürdik. Önümçilik bölümlerinde Türkiýe döwletinden getirilen kämil enjamlary oturtdyk. Bu bolsa ýokary hil ölçeglerine gabat gelýän agaç hem-de aýna mebel önümlerini — aşhana we otag mebellerini, gapylary, ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda çagalara niýetlenilen mebelleri, ýatalgalary öndürmäge şert döretdi — diýip, hususy kärhananyň ýolbaşçysy Alişir Resulow neşiriň habarçysyna gürrüň berdi.