BIZE YAZYARLAR

Aşgabatdym – köňül köşgüm!

Milli Liderimiziň „Döwlet adam üçindir!“ diýen baş ýörelgesinden ugur alnyp, paýtagtymyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn binagärlik taslamalarynda halkymyzyň eşretli, döwrebap, medeniýetli ýaşaýşyny üpjün etmek babatda bitirilýän beýik işler mähriban halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Aşgabat häzirki wagtda dünýäniň döwrebap şähergurluşyk talaplaryna laýyklykda hemmetaraplaýyn ösüşlere eýe bolýar. Paýtagtymyzda binalarň gurluşyklary häzirkizamanyň ösen tehnologiýalaryna daýanyp amala aşyrylýar. Ata Watanymyzyň baş şeheriniň nurana keşbinde halkymyzyň baý medeni mirasy, milli binagärlik ýörelgeleri we bu ugurdaky baý tejribesi, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn artýan kuwwaty aýdyň şöhlelendirilýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabat milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň çuň parasaty bilen çalt depginlerde ösýän häzirki zamanyň iri şäherlerine öwrülip, dünýäniň şäherleriniň iň owadanlarynyň biri hasaplanýar we ol ýaşamak üçin amatlylydygy hökmünde ykrar edilýär. Ajaýyp binagärligi babatda sungat derejesine ýetirilen paýtagtymyz bitirilýän beýik işler bilen halkymyzda egsilmez güýji, ruhubelentligi kemala getirýär.

Goý, gözel paýtagtymyz Aşgabady ösüşleriň belent belent derejesine ýetirýän  hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Biz ýaşlar Arkadagly Serdarymyza bizi eşretli durmuşda ýaşadýandygy üçin köp sagbolsun aýdýarys. Biz elmydama sizi ýol-ýörelgäňize eýerýäris mähriban Arkadagly Serdarymyz!

Ogulnur Ereşowa,

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: