JEMGYÝET

Aşgabatdan Awaza awtobus gatnar, ýoluň bahasy 75 manat

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar 1-nji iýundan başlap, Aşgabat — Awaza — Aşgabat ugurlary boýunça gündelik awtobus gatnawyny ýola goýar.

Awtobus Aşgabatdan irden sagat 06:00-da Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çäginde ýerleşýän Halkara awtomenzilden ugraýar: Salgysy: A.Nyýazow şaýoly, 422-nji jaý.

Awazadan Aşgabat şäherine gaýdýan awtobus 13:00-da «Ýelkenli» köçesiniň ugrunda ýerleşýän köp gatly awtoulag duralgasyndan ugraýar.

Bir taraplaýyn petegiň bahasy 75 manat möçberinde kesgitlenýär.

Petekleri kassalardan satyn alyp bilersiňiz!

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 44-35-30; 44-35-20.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: