JEMGYÝET

Aşgabatdan Amyderýa we yzyna ýolagçy otlulary günde gatnap başlady

Şu günden başlap, «Aşgabat — Amyderýa» we «Amyderýa — Aşgabat» ugry boýunça ýolagçy otlulary günde gatnap başlady. Bu aralyk 816 kilometre barabar bolup, otly Aşgabatdan Amyderýa çenli 17 sagatdan sähel köp, yzyna bolsa 18 sagat töweregi wagtda geçýär.

Ol Aşgabatdan 13 sagat 30 minutda ugrar we Amyderýa ertesi 06 sagat 45 minutda barar. Amyderýadan yzyna 10 sagat 50 minutda gaýdar we şol günüň ertesi 04 sagat 43 minutda Aşgabada ýeter.

Şonuň ýaly-da, şu günden başlap, «Aşgabat — Türkmenabat» we «Türkmenabat — Aşgabat» ugurlary boýunça, Türkmenabatdan Gazojaga we yzyna hem ýolagçy otlulary günde gatnap başlady. Şeýle hem, Aşgabatdan Daşoguza we Türkmenbaşa, bu şäherlerde Aşgabada hem ýolagçy otlularynyň yzygiderli gatnawy ýola goýuldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: