BILIMTÜRKMENISTAN HABARLARY

Aşgabatdaky ýokary okuw mekdebler halkara derejeli olimpiada gatnaşdy

Türkmen döwlet maliýe institutynda «Maliýe hasabatlylygynyň halkara
standartlary» dersi boýunça Açyk halkara internet-olimpiadasynyň netijeleri
jemlenildi. Ol ýokary okuw mekdep tarapyndan Türkmenistanyň hem-de
daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirildi.
Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşigiň netijeleri boýunça oňa gatnaşanlaryň 50-si
baýrakly orunlary eýelediler. Ilkinji orunlara talyplaryň 12-si mynasyp boldular.
Olaryň hatarynda Täjik döwlet täjirçilik uniwersitetiniň talyplary Alekseý
Bebekin, Saidkosimhon Usmonow, Eraj Jonmamadow, Izattulo Abudulloýew,
Gazagystanyň Alyjylar jemgyýetiniň Garaganda uniwersitetiniň talyplary
Ýewgeniýa Pospolitak, Temirlan Syzdykow, Tomiris Dameşewa, Akerke
Amanžolowa, Russiýanyň G.W.Plehanow adyndaky ykdysadyýet
uniwersitetiniň talyplary Darýa Pribylowa we Kira Prodanowa bar.
Umuman, Olimpiada 6 ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan, Russiýadan,
Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan we Belarusdan ýokary okuw
mekdepleriň 26-syndan 100-den gowrak talyplar gatnaşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: