YKDYSADYÝET

Aşgabatdaky sergide «Şir ýagyň» täze önümleri bilen tanyşdyryldy

«Asuda akym» hojalyk jemgyýeti TSTB-niň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergä «Şir ýag» haryt nyşanly çalgy ýaglary bilen gatnaşdy.
—Häzirki wagtda biziň hojalyk jemgyýetimizde awtoulaglar üçin niýetlenilen çalgy ýaglarynyň 25 görnüşi öndürilýär. Biz bu ýaglaryň ähli görnüşini sergä getirdik. Sergä gatnaşyjy daşary ýurtly telekeçileriň aglabasy bu ýaglar bilen içgin gyzyklandy. Eýýäm Gazagystanyň, Özbegistanyň, Russiýa Federasiýasynyň
işewürleri biziň bilen geleşikleri baglaşmaga-da isleg bildirdiler — diýip, «Asuda akym» hojalyk jemgyýetiniň wekili, ýaş inžener Döwrangeldi Muhammedow welaýat gazetiniň habarçysyna gürrüň berdi.