TÜRKMENISTAN HABARLARY

Aşgabatdaky Baş arça ýene-de GDA-da iň ulusy

Indi, birnäçe ýyldan bäri Türkmenistanyň Baş arçasy Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynyň ýurtlarynyň arasynda iň ulusydyr. Paýtagtymyz Aşgabadyň “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň meýdançasynda oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasynyň beýikligi 44 metre deňdir. Bu görkeziji boýunça GDA-da iň ulusydyr.
Sanawda ikinji orny Ermenistanyň Ýerewan şäheri eýeläp, bu şäherdäki arçanyň
beýikligi 37 metrdir. Ilkinji üçlükde orun alan Özbegistanyň Daşkent şäherindäki
arça bolup, onuň beýikligi 35 metre barabardyr. Şeýlelikde, sanawda degişlilikde yzygiderliligi eýelän ýurtlar we esasy şäherleri:
Azerbaýjanyň Baku şäheri 34 metr, Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek 32 metr, Belarusyň paýtagty Minsk şäheri we Täjigistanyň paýtagty Duşanbe 30 metr, Gazagystanyň Astana şäheri 25 metr, Russiýanyň paýtagty Moskwa şäheri 25 metr, Moldowanyň paýtagty Kişinew 20 metr.