BILIM

Aşgabatda «Ýylyň talyby» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi

D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde yglan eden «Ýylyň talyby» atly bilim bäsleşiginiň jemini jemledi diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

Baş baýraga Türkmenistanyň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Kadyr Amanow mynasyp boldy. M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby ŞatlykTekäýew hem-de D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 4-nji ýyl talyby Aýgül Çaryýewa birinji orna mynasyp boldular. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Diýar Yhtyýarow Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 5-nji ýyl talyby Nepes Saparnazarow, Türkmen oba hojalyk institutynyň 5-nji ýyl talyby Jennet Bäşimowa ikinji orna mynasyp boldular. Emin agzalary Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 5-nji ýyl talyby Gunça Kadyrowa, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 4-nji ýyl talyby Gülnabat Saparowa,  M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Gülzada Guldurdyýewa we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň 5-njy ýyl talyby Amangeldi Beridýewe üçünji orny berdiler.  

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: