TÜRKMENISTAN HABARLARY

Aşgabatda we Maryda täze ýaşaýyş jaý toplumlary açyldy

Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda, paýtagtyň «Parahat-7» ýaşaýyş toplumynda, şeýle hem Mary şäherinde täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň açylyş dabaralary geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Büzmeýin etrabyndaky Senagat köçesiniň ugrunda 2 sany 4 gatly 32 öýli we 1 sany 4 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Şeýle hem Mary şäheriniň Baýramaly köçesiniň ugrunda 16 sany 4 gatly, 640 öýli ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyşy boldy.