27-28-nji oktýabrda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahaty geçiriler. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow oňa görülýän taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 22-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Häzir foruma 32 döwletiň 100-e golaý kompaniýalaryndan, halkara guramalardan we iri banklardan wekiller sanly ulgam arkaly gatnaşmaga isleg bildirdiler.
Maslahatyň çäklerinde nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp meseleleri hem-de bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşmalar guralar. Onuň pes uglerodly energetika meselesine bagyşlanan bölümleriniň birini bolsa BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisinden teleköpri arkaly guramak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, halkara maslahatyň maksatnamasynyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.