MEDENIÝET

Aşgabatda teatr festiwaly başlandy  

Aşgabatda «Türkmen teatr sungaty» atly teatr festiwaly işine başlady. Onda teatr sungatyny söýüjiler birnäçe günüň dowamynda Türkmenistanyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäherindäki teatrlaryň döredijilik toparlarynyň goýan spektakllaryna tomaşa edip bilerler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow festiwala gatnaşyjylara gutlag haty bilen ýüzlendi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary režissýor Perhat Hudaýberenowyň goýan «Mertler Watany beýgeldýär» spektaklyny görkezer.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: