TÜRKMENISTAN HABARLARY

Aşgabatda metbugatyň meselelerine bagyşlanan onlaýn seminar geçirildi

2021-nji ýylyň 27-28-nji oktýabrynda Aşgabatda sanly tehnologiýalar döwründe maglumatlaryň ýaýramagyny kadalaşdyrmagyň kanuny jähetleri boýunça halkara onlaýn seminar geçirildi. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Bu seminaryň guramaçysy bolup çykyş eden ÝHHG-niň Merkezinde aýdyşlaryna görä, iki gün dowam eden çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Adalat ministrliginiň, Ýokary Kazyýetiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, ýokary okuw jaýlarynyň wekilleri, şeýle hem KHS-iň žurnalistleri gatnaşdylar.

Germaniýadan we Gruziýadan gelen hünärmenler degişli halkara standartlary, ÝHHG-niň borçnamalaryny we ÝHHG-a agza beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy tejribelerini görkezdiler, şeýle hem internet araçylarynyň Kanuny etmeli işlerini, jogapkärçiliklerini, emeli akylyň (EA) we algoritmleriň internetde pikiriňi beýan etmek azatlygyna edýän täsiri barada pikir alyşdylar.

Seminarda internet mazmunyny kadalaşdyrmak, şol sanda galp habarlara garşy göreş meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Seminara gatnaşýanlar sanly tehnologiýa eýýamynda žurnalistleriň roly we wezipeleri barada pikir alyşdylar we metbugat sowatlylygynyň möhüm ornuny bellediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: