Aşgabatda Medeniýet Şahberdiýewa ýatlanyldy
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda ýurdumyzyň tanymal aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdyýewanyň ýadygärligine bagyşlanan konsert geçirildi. Ol şu ýylyň 23-nji fewralynda 95 ýaşamalydy.
Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory, sungat ylymlarynyň kandidaty R.H.Amangeldiýew öz giriş sözünde türkmen operasynyň meşhur aýdymçysynyň ýurdumyzyň milli sungaty üçin uzak ýyllaryň dowamynda bitiren hyzmatlary, şeýle hem onuň alyp baran mugallymçylyk işi barada gürrüň berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň halk artisti A.Garýagdyýew, «Sazyň taryhy» kafedrasynyň mugallymy G. Döwletowa we Türkmenistanyň halk artisti G. Öwezowa «türkmen bilbiliniň» durmuşy we döredijilik ömri barada hem-de özleriniň bile işleşen kärdeşi hakdaky täsirli ýatlamalary bilen çykyş etdiler. Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, şahyr Gözel Şagulyýewa goşgy setirleri bilen çykyş etdi.