JEMGYÝET

Aşgabatda halkara ylmy maslahat geçirildi

Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek tejribesi» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ony Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, ýurduň Medeniýet ministrligi guraly. Maslahat sanly ulgam arkaly geçirildi.

Bu forumyň baş maksady taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmekden, gorap saklamakdan we rejelemek babatda halkara gatnaşyklary giňeltmekden we özara tejribe alyşmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen açylyş dabarasyna Medeniýet ministrliginiň, Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň we onuň garamagyndaky taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň ylym, medeniýet we muzeý işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.

Oňa sanly ulgam arkaly Russiýanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň iri ylmy we medeni merkezleriniň ýolbaşçylary, işgärleri, bilermenleri gatnaşdylar.

Çykyş edenler Türkmenistanyň taryhy, medeni we tebigy ýadygärlikleriniň her biriniň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň bahasyz gymmatlygy bolup durýandygy biragyzdan bellediler. Olar ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk boýunça oňyn tejribe toplan Türkmenistanda alnyp barylýan ylmy işleriň taryhy-medeni ýadygärlikleri ylmy taýdan öwrenmek boýunça uly ösüşleriň gazanylmagynda ähmiýetlidigini nygtadylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: