JEMGYÝET

Aşgabatda halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler

10—11-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binýadynda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly XV Halkara sergisini we ylmy maslahaty geçiriler. Ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunkiasiýalar agentligi «Türkmenaragatnaşyk» Agentligi bilelikde guraýarlar.

Onuň işine Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenleri hem-de hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, şonuň ýaly-da daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşarlar.

Maslahatyň maksatnamasy halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we daşary ýurt maýa goýumlaryny, tehnologiýalaryny, taslamalaryny ýurdumyzyň maglumat-telekommunikasiýa ulgamyna çekmek, kosmos tehnologiýalary, sarp edijileri ygtybarly hem ýokary hilli hyzmatlar bilen üpjün etmek, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak ýaly meseleleri öz içine alýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: