Aşgabatda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli halkara maslahat geçiriler
Türkmenistanda halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde
bilelikdäki tagallalara bagyşlanyp, 11-nji dekabrda geçiriljek maslahata
taýýarlyk görülýär. TDH-niň ýazmagyna görä, nobatdaky Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bu barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hususan-da, Aşgabat şäherinde halkara maslahaty, Bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň duşuşygyny geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen öňe sürlen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmegiň mümkinçilikleri, parahatçylyk babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ädimleri, durnukly ösüşe ýetmek üçin milli we halkara strategiýalara bitaraplyk ýörelgelerini ornaşdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hemişelik Bitarap
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň dostluk, parahatçylyk ýörelgelerine
esaslanýandygyny, dünýä we sebit döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny berkitmek ugrunda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa bu maslahaty ýokary derejede, guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.