TÜRKMENISTAN HABARLARY

Aşgabatda geçiriljek taryhy duşuşyk üçin media topary döredildi

11-nji fewralda Aşgabatda geçiriljek «Arkadag» ― «Al-Nassr» duşuşygy üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň zehinli talyplaryndan hem-de tejribeli mugallymlaryndan ybarat media topary döredildi.
12 mugallymy we 76 talyby özünde jemleýän bu toparyň döredilmegi, ilkinji nobatda, ýaryşlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge, ýaşlaryň geljekki hünärine kämilleşmegine, meýletinçilik başarnyklarynyň barha ilerlemegine itergi berýär.