BILIM

Aşgabatda geçirilen bäsleşikde medallaryň deň ýaryny lebaply okuwçylar gazandylar

Paýtagtymyzda geçirilen «Kids Expo: hemme zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerindäki mental arifmetika bäsleşiginde «Kämil bilim» okuw merkeziniň Lebap şahamçasynyň okuwçylary üstünlikli çykyş etdiler. Ýaryşa 6 — 14 ýaş aralygyndaky 120-ä golaý okuwçy gatnaşdy we
olaryň arasynda lebaply ýaşlaryň gazanan üstünlikleri aýratyn tapawutlandy.
Olaryň gazanan üstünlikleriniň netijesinde 24 medalynyň 12-si Lebap şahamçasynyň paýyna düşdi. Okuwçylar bu üstünlik bilen toparlaýyn birinji orny eýelediler. Medallaryň hasaby boýunça bolsa «Kämil bilim» okuwçylary 5 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç medala mynasyp boldular.