Aşgabatda Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk ýörişi geçirildi.
Ir bilen hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýaşulular, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we daşary ýurtly
myhmanlar gatnaşdylar.
Aşgabatda Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýöriş geçirildi
27
Sep
