Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda Aşgabatda ýurdumyzyň futzal eminleriniň gatnaşmagynda okuw-seminary geçirildi.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň konferensler zalynda geçirilen okuw-seminarynyň esasy maksady futzal eminleriniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakdan, FIFA-nyň maslahatynda bellenilişi ýaly oýun düzgünlerine düşündiriş bermekden ybarat bolar. Onuň dowamynda FIFA-nyň fitnes-testi, şeýle-de, Oýun düzgüni boýunça wideo ýazgylar arkaly ýörite synaglar geçiriler.
Okuw-seminarynyň gözükdirijisi hökmünde AFK-nyň gözükdirijisi – Wadim Baratow çykyş etdi.
Aşgabatda futzal eminleriniň maslahaty geçirildi

18
Nov