JEMGYÝET

Aşgabatda «Dokmaçylar» medeni merkezi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Şanly waka mynasybetli bu ýere köp sanly türkmenistanlylar, şol sanda Aşgabadyň myhmanlary ýygnandylar. Medeni merkezde ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin ähli şertler döredilipdir. Hususan-da, giň gerimli forumlary we şowhunly çykyşlary geçirmek üçin 420 orunlyk uly konsert zaly göz öňünde tutulypdyr.
Konsert zaly ýörite enjamlar bilen enjamlaşdyrylan sahna, akustiki ulgamlar we beýleki zerur serişdeler bilen üpjün edilipdir. Medeni merkeziň eýwanynda «Dokmaçylar» folklor-etnografik toparynyň sahna lybaslarynyň we bezegleriniň sergisi hem guraldy. Soňra medeni merkeziň öňündäki meýdançada pudagyň aýdym-sazly tans toparynyň gatnaşmagynda konsert boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: