Aşgabatda demirýol ulgamyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan halkara mejlis öz işine başlady
Şu gün ― 15-nji aprelde Aşgabat şäherinde Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasyna agza döwletleriň Demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisi öz işine başlady.
Mejlisiň gün tertibinde guramanyň ýöriteleşdirilen komissiýalarynyň we hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýyl üçin işleriniň netijelerine seretmek, geljekki ýyllar üçin iş maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmak hem-de Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň eýeleýän orny barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew çykyş etdi. Çykyşda ýurdumyzyň milli ulag düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak arkaly halkara üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrmak barada aýratyn nygtaldy.
Bu halkara çäre ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk işlerine täze badalga berjek maslahatyň gün tertibine laýyklykda, guramany ösdürmegiň strategiýasynyň taslamasyny düzmegiň maksadalaýyklygyny öwrenmek, demir ýol ulgamynda işgärleriň hünär taýýarlygy we okuwlary guramak hem-de beýleki birnäçe ugurdaş meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Halkara derejeli mejlis 19-njy aprele çenli dowam eder.