Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Amyderýanyň güni» atly halkara ekologiýa sergisi guraldy. Çäre Merkezi Aziýada suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna we goralmagyna gönükdirilip, giň jemgyýetçilik seslenme döretdi. Farap, Tejen we Gökdere şäherleriniň sungat mekdepleriniň okuwçylary derýanyň gözelligini, şatlykly
pursatlaryny hem-de suwuň ýaşaýşy üpjün ediş aýratynlygyny öz suratlarynda beýan etdiler.
Sergide dürli ýaşdaky raýatlaryň döredijilik işleri görkezildi. Olar gaýtadan ulanylýan serişdelerden taýýarlanan suratlary, heýkelleri we dürli görnüşli işler arkaly daşky gurşawy arassalamak, tebigaty goramak baradaky pikirlere giň üns çekdiler. Çäräniň myhmanlary ussatlyk sapaklaryna gatnaşyp, daşky gurşawa bolan jogapkärçiligiň ähmiýetini has aýdyň duýdular.
Aşgabatda «Amyderýanyň güni» atly halkara ekologiýa sergisi guraldy
08
Sep

