SPORT WE SYÝAHAT

Aşgabatda «Al-Nassr» bilen boljak futbol duşuşygy üçin 500 meýletinçi taýýarlanylýar

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Aşgabadyň «Olimpiýa» stadionynda AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 ýaryşynyň 1/8 finalynyň çäklerinde Türkmenistanyň «Arkadag» futbol topary bilen Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň arasynda möhüm duşuşyk geçiriler. Bu halkara sport çäresini ýokary derejede guramak maksady bilen, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplaryndan 500 sany meýletinçi saýlanylyp alyndy. Olaryň hatarynda daşary ýurt dillerini kämil bilýän 15 sany meýletinçi hem-de media hyzmatlaryna ýardam berjek sport žurnalistikasy hünäriniň 15 talyby ýörite toparlara birleşdirildi we umumy işlere 50 sany mugallym jogapkär bellenildi.
Meýletinçiler üçin ýörite okuw sapaklary 2026-njy ýylyň 13 — 22-nji ýanwary aralygynda geçirilip, olara sport etiketi, hyzmat medeniýeti, howpsuzlyk düzgünleri we halkara sport protokoly boýunça giňişleýin sapaklar berler. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Futbol federasiýasy tarapyndan daşary ýurtly myhmanlar, eminler we tomaşaçylar üçin amatly şertleri döretmek boýunça guramaçylyk işleri güýçli depginde dowam etdirilýär.