Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz baky bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ata Watanymyzyň ýüregi bolan gözel paýtagtymyzyň barha rowaçlyklara, uly üstünliklere beslenýändigi barada buýsanç bilen pikir ýöredeniňde, berkarar Diýarymyzyň ykdysady, medeni, syýasy ösüşleri, halkara giňişliginde gazanýan üstünlikleri, jemgyýetimiziň ýokary medeniýetiniň we ruhy durmuşynyň derejesi, ylym-bilim mümkinçilikleri, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýyş-durmuşy has aýdyň duýulýar. Hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine we ýurdumyzyň baş şäheriniň gaýtalanmajak keşbiniň döredilmegine aýratyn ähmiýet berýär.
Milli Liderimiz Aşgabady mundan beýläk-de ähli görkezijiler boýunça paýtagtyň ýokary derejesine laýyklykda gurmagyň we abadanlaşdyrmagyň meselelerini berk gözegçilikde saklaýar. Gözel Aşgabat bu gün eşretli durmuşyň berkarar edilen belent derejesini, gurmagyň we döretmegiň kämil gurşawyny, onuň çuň many-mazmunyny äşgär edip, ösüşleriň täze belentliklerine çykýar. Ak şäherimiz Aşgabadyň birnäçe binalary hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hem mynasyp orun aldy.
Aşgabat Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagt şäheri, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni merkezidir. Şäher Garaşsyzlyk ýyllarynda düýpgöter özgerip, Orta Aziýanyň uly syýasy-ykdysady merkezleriniň birine öwrüldi. Aşgabat ykdysady-geografik jähetden amatly ýerde ýerleşýär. Ol ýurdumyzyň dürli sebitlerini birleşdirýän ulag ýollarynyň çatrygydyr. Halkara howa menzili arkaly Aşgabat dünýäniň dürli döwletlerini birleşdirýän howa ýollarynyň çatrygy hasaplanýar. Bu bolsa şäheriň durmuş-ykdysady merkez hökmünde ösmegine uly ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugur boýunça bar bolan ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmäge hem-de täzelerini gurmaga gönükdirilen milli maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy we olar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda bolup geçen Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji Ählumumy maslahatda «Häzirki zaman ulag we üstaşyr düzüminiň döredilmegi, oňa barha täze çäkleriň çekilmegi häzirki döwürde diňe bir ýük daşalyşynyň möçberleriniň artdyrylmagyny, ýola sarp edilýän wagtyň gysgaldylmagyny, goşmaça maýa goýum serişdeleriniň goýulmagyny we beýleki äşgär artykmaçlyklary däl, eýsem, täze iş orunlarynyň döredilmegini, durmuş maksatly desgalaryň gurulmagyny hem aňladýar» diýip täze ulag arhitekturasyny emele getirmegiň zerurdygyny aýratyn nygtap, geljekki ulag strategiýasynyň ösüş ugruny kesgitledi. Ulag ulgamy dünýädäki milliardlarça adamlaryň ulag hyzmatyna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, söwda-ykdysady, ynsanperwerlik we medeni gatnaşyklary amala aşyrmaga, tebigy baýlyklary özleşdirmäge we diwersifikasiýa ýoly bilen halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we durnukly ösüşi sebit hem-de dünýä möçberinde üpjün etmäge ýardam edýär.
Ýurdumyzyň şeýle ýokary depginler bilen ösmegi, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan hoşniýetli, ynsanperwer, dost-doganlyk syýasaty netijesinde onuň dünýädäki abraýynyň barha ýokarlanmagyna, asudalygyň, agzybirligiň höküm sürýän ýurdunyň dünýäde meşhurlyga eýe bolmagyna, onuň ertesiniň aýdyňlygyna şaýatlyk edýär.
Gahryman Arkadagymyz ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýeläp ýetişdirmek üçin taýsyz tagallalary edýär. Bu babatda alnyp barylýan işleriň oňyn häsiýete hem-de uly üstünliklere eýe bolmagy bolsa ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösüşiniň, agzybir halkymyzyň bagtyýar, mynasyp geljeginiň kepilidir. Geçmişini sarpalap, il-halkyny bagtyýar geljege sary ynamly gadamlar bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
HUDAÝNAZAROW Merdan,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň
101-nji okuw toparynyň talyby.
