TÜRKMENISTAN HABARLARY

Aşgabat — Türkmenabat awtobanyna halkara hil talaplaryna laýyk gelýändigi üçin şahadatnamalar gowşuryldy

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylmagy mynasybetli geçirilen dabarada bu döwrebap desganyň halkara hil talaplaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýan birnäçe halkara şahadatnamalar gowşuryldy. 
Gowşurylan halkara şahadatnamalary awtobanyň wideogözegçilik we töleg ulgamlarynyň halkara standartlara laýyklygyny, maglumat howpsuzlygynyň hem-de kiberhowplardan goraglylygynyň ýokary derejesini, şeýle-de dolandyryş işleriniň döwrebaplygyny tassyklaýar. Şunuň bilen birlikde, bu resminamalar ýoluň gurluşygynda we ulanylyşynda daşky gurşawy goramak boýunça ähli ekologiýa talaplarynyň berjaý edilendigini hem-de ölçeg enjamlarynyň ýokary takyklykda işleýändigini kepillendirýär. Bu bolsa täze ulanmaga berlen ýokary tizlikli ýoluň dünýäniň iň kämil we howpsuz awtomobil ýollarynyň biridiniň nobatdaky subutnamasydyr.