BIZE YAZYARLAR

“Aşgabat” skripkaçylar topary batly ösüşlerde

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň we taýsyz tagallarynyň netijesinde, ata Watanymyzyň medenýetini,
sungatyny ösdürmekde, ony dünýä çykarmakda, edebi mirasymyzy çuňňur öwrenmekde
düýpli öňegidişikler gazanyldy. Ýaş zehinlileri ýüze çykarmak, olaryň ukyp-başarnyklaryny goldamak, ösdürmek üçin amatly şertler döredildi. Ýurdumyzda hormatly Arkadagymyzyň yglan etmeginde geçirilýän “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigi, şeýle hem onuň çägindäki höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!”, aýdym-saz bilen meşgullanýan çagalaryň arasyndaky “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” ýaly bäsleşikli çäreler döwlet möçberinde geçirilip, zehinli nesilleriň öňe çykmagyna ýardam edýär. Şeýle ýaş zehinli saz toparlarynyň biri Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 3-nji çagalar sungat mekdebiniň  mugallymy Elman Nasyrowyň ýolbaşçylygyndaky “Aşgabat” skripkaçylar toparydyr. Ýaş sazandalar toparynyň saz döredijiligi hakynda, sungat äleminde edýän işleri, geljekdäki maksatlary barada giňişleýin duryp geçeliň.
“Aşgabat” skripkaçylar topary sekiz ýyl bäri türkmen baýramçylyklarynyň sahnalaryny bezäp gelýär. Şeýle-de ýaş sazandalar toparynyň ýolbaşçysy Elman Nasyrow dünýäniň köp ýurtlarynda (Germaniýa, Awstriýa, Moskwa) syýahatda bolup, daşary ýurt sazlaryny täzeden ansambl üçin işlemek, täze sazlary döretmek ýaly uly işleri alyp barýar. Döwrebap kompozitor Nurgandym Hojamuhamedowyň eziz Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi, ýurdymyzyň beýik ösüşlerini, gözel tebigatymyzy, milli gymmatlyklarymyzy wasp etýän birnäçe sazlaryny çagalar sungat mekdepleriniň sahnalarynda, teleradio ýazgylarynda ýokary derejede ýerine ýetirýärler. Häzirki wagtda “Aşgabat” skripkaçylar topary täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýokary derejeli konserti meýilleşdirýär we dürli žanrdaky sazlara taýýarlyk görýär. Bulardan başga-da dünýä nusgawy kompozitorlarynyň we türkmeniň ruhuny, milliligini, watansöýijiligini öz sazlarynda beýan eden türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň ägirtleri Ç. Nurymowyň, W. Muhatowyň, N.Halmämmedowyň, R. Allaýarowyň we başga-da birnäçe türkmen kompozitorlarynyň döreden eserlerini skripkaçylar topary ýerine ýetirýar. Kompozitorlaryň döreden eserleri bilen bir hatarda, skripkaçylar topary üçin täzeden işlenen türkmen halk sazlary diňleýjileriň gözellik duýgularyna oňyn täsir edip, olaryň ruhyny belentde göterýär.
Berkerar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp durmuşy hakyndaky toýly günlerimizi many-maňyzly sazlaryny, aýdymlaryny halka ýetirýan ussat kompozitorlarymyzyň S. Tüýliýewiň, R. Rejepowyň, B. Hudaýnazarowyň, D.Hydyrowyň Watan, gahrymançylykly, söýgi hakyndaky sazlaryny “Aşgabat” skripkaçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde ösüşleriň waspy bolup, ýurdymyzda geçirilýän şanly baýramçylyklarymyzda belentden ýaňlanýar.
Ata Watanymyz Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ösüp barýan ýaş nesliň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin ähli amatlyklaryň, möhüm şertleriň döredilen ýurdyna öwrüldi. Ýaşlaryň dünýä ylymyna, medenýetine düýpli aralaşmagyny üpjün etmek, ýokary hünärli nesilleri terbiýelemek işleri döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar. Häzirki şertlerde islendik ýurduň ösüşi ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ýokary tehnalogiýalarda peýdalanmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar.
Türkmen ýaş neslimize kämil derejede bilim-terbiýe bermäge, hünär öwretmäge, dünýä ýurtlarynyň medenýetini, sungatyny, taryhyny öwrenmäge döredip beren ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Gahryman Arkadagly Serdarymyza
alkyş aýdýarys!

Elman NASYROW,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 3-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.