JEMGYÝET

Aşgabat şäherindу кobot enjamlarynyň bäsleşigi geçirildi

Aşgabat şäherindäki 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde «Robofest» tehnologiýa we bilim şüweleňi geçirildi. Ony Türkmenistanyň Bilim ministrligi we «Dana» bilim merkezi gurady. Onuň çäklerinde «Dana», «Gujurly» we «Bilim nokady» bilim merkezleriniň sergileri, mekdep okuwçylary tarapyndan milli tagamlaryň, zähmet, himiýa, biologiýa derslerine, kompýuter tehnologiýalaryna degişli elde ýasalan şekilleriň, dürli maketleriň sergileri guraldy. Geçirilen «Robofest» festiwal, ýagny robot enjamlarynyň bäsleşik üç ugry öz içine aldy. Zehinli ýaşlar öz robotlaryny kompýuterleridir el telefonlary bilen dolandyrmak arkaly bäsleşdiler.

«Sumo robot ýaryşy» ugry boýunça robotlar biri-birini itekläp, garşydaşyny meýdançadan çykarmak ugrunda bäsleşdiler. «Labirint ýaryşy» ugry boýunça bäsdeş robotlar labirint meýdançasynyň päsgelçiliklerinden iň az wagtyň dowamynda geçmek ugrunda, «Taslama ýaryşy» ugry boýunça robotlar belli bir ýumşy dogry we dürs ýerine ýetirmekde bäsleşdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: