JEMGYÝET

Aşgabat şäherinde köpugurly işewür merkezli «Garagum» oteliniň açyldy

Aşgabat şäherinde köpuguriy işewür merkezli kaşaň «Garagum» oteli ulanylmaga tabşyryldy. Onuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan täzeçil strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ak mermerli Aşgabat okgunly ösýän hem-de ýaşamak üçin has oňaýly döwrebap şäheriň köpugurly nusgasyny özünde jemleýär. Her ýyl paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti täze täsin binalar we desgalar bilen ýetirilýär. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdýň nyşanlary bolup durýar.

Aziýanyň hakyky merjeni bolan Aşgabat işewürlik we syýahatçylyk merkezine öwrülip, daşary ýurtly myhmanlaryň barha köpüsini özüne çekýär. «Garagum» myhmansöýerligiň, dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň aýdyň nyşanyna öwrülmelidir. Bularyň ählisi bolsa, türkmen halkynyň gadym döwürlerden bäri şan-şöhrata eýe bolan häsiýetleridir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: