TÜRKMENISTAN HABARLARY

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener we täze köpri gurlar

Ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak we onuň ugrunda täze köprini gurmak boýunça halkara bäsleşik geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji fewralda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Hasabatda ýurdumyzyň ýol-ulag düzümini döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmegiň, ýük awtoulag we ýolagçy gatnawlarynyň hilini ýokarlandyrmagyň ileri tutulýan ugurdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň ýurdumyzyň strategik taýdan möhüm ýollarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýoluň durkuny täzelemek bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, ýol gurluşyk işleriniň halkara standartlara laýyk gelmelidigini nygtady we wise-premýere degişli bäsleşigi guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.