Türkmenistan awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň başyndan başlap, Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat ugry boýunça howa gatnawlarynyň sanyny artdyrýar. Täze tertip boýunça uçuşlar 4-nji ýanwardan ýola goýlup, her hepdäniň ýekşenbe güni amala aşyrylar. Uçar 04:25-de türkmen paýtagtyndan ugraýar we 05:55-de Abu-Dabi şäherinde gonýar.
Abu-Dabi şäherinden 07:25-de ýola düşýän howa gämisi bolsa 09:55-de Aşgabada gelip ýeter. Birleşen Arap Emirlikleri bilen howa aragatnaşygynyň kämilleşdirilmegi Watanymyzda halkara gatnawlary ösdürmek, ýolagçylar üçin amatly we ygtybarly şertleri döretmek ugrunda alnyp barylýan netijeli işleriň aýdyň beýany bolup durýar.
Aşgabat — Abu-Dabi ugry boýunça uçuşlar artdyrylýar
31
Dec
